Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:48 - Mukaddes Kitap

48 Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

48 Шейлеликде, гөкдәки Атаңызың кәмил болшы ялы, сиз хем кәмил болуң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:48
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme?


Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.


Şägirt öz halypasyndan üstün däldir, emma kämilleşensoň, her kes öz halypasy ýaly bolar.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz.


Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ