Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:46 - Mukaddes Kitap

46 Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

46 Сиз өзүңизи сөййәнлери сөййән болсаңыз, онда нәме сылаг аларсыңыз? Салгыт йыгнаянлар-да шейле этмейәрми нәме?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:46
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».


Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun.


Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme?


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


Ençeme salgytçylardyr günäkärler-de Isanyň yzyna eýerýärdiler. Bir gün Isa Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, olar hem gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler.


Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.


Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler.


Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär.


Ol ýerde Zakkaý atly bir baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy.


Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.


Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar.


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ