43 Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz.
43 Сиз: „Якыныңы сөй, душманыңы йигрен“ дийленини хем эшиденсиңиз.
Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin: «Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?»
Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.
Siz ata-babalarymyza: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar“ diýlenini eşidensiňiz.
Siz: „Zyna etme“ diýlenini hem eşidensiňiz.
Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.
Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, amalekleriň size näme edendigini ýadyňyza salyň.
Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.
Hudaý bize: «Hudaýy söýýän adam öz doganyny-da söýsün» diýip buýruk berdi.