42 Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.
42 Дилег салана бер, карз дилейәнден йүзүңи өвүрме.
Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr, çünki ýagşylyga eýerýärin men.
Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.
Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.
Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.
Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre.
Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.
Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň».
Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.
Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.
Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.