Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гусса чекйәнлер багтлыдыр, чүнки олара гөвүнлик берлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:4
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.


Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki şatlykdan gülersiňiz.


Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar! Çünki siz açlyk çekersiňiz. Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.


Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy.


Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ