Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:39 - Mukaddes Kitap

39 Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Эмма Мен сизе диййәрин: ярамаз адама гаршы дурма. Сениң саг яңагыңа урана, бейлеки яңагыңы-да тут.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:39
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.


Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, garşyma dil birikdirýärler.


«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.


«Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.


Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun.


Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.


Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.


Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber.


Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar.


Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, munuň nädogrudygyny subut et. Eger dogry aýdan bolsam, onda näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi.


Aslynda biri-biriňiz bilen kazyýetde dawalaşmagyň özi siziň eýýäm ýeňlendigiňizi habar berýär. Eýsem haksyzlyga çydanyňyz gowy dälmi? Talaňa çydanyňyz gowy dälmi?


Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.


Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.


Özüňize garşy çykmasa-da, bigünä adamy höküm edip öldürdiňiz.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ