Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:30 - Mukaddes Kitap

30 Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha taşlanmagyndan gowudyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Саг элиң сениң гүнә этмегиңе себәп болса, оны кесип ташла. Бир сынаңың ёк болмагы тутуш гөврәңиң довзаха ташланмагындан говудыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:30
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi.


Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.


Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.


Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr.


Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.


Bäş çuwal alan hyzmatkär gelip, öňki puluň üstüne ýene bäş çuwal getirýär. Ol: „Hojaýyn! Sen maňa bäş çuwal altyn-kümüş ynanypdyň, ine, men ondan ýene bäş çuwal gazandym“ diýýär.


Soňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr.


Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.


Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.


Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».


Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.


Eý, doganlarym! Eger men heniz-de sünnetlenilmäni wagyz edýän bolsam, onda men näme üçin yzarlanýarkam?! Eger dogrudan-da şeýle bolýan bolsa, onda Isanyň haçy babatdaky wagzym büdreme daşy bolmazdy.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ