Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:28 - Mukaddes Kitap

28 Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Эмма Мен велин ким башга аяла азгын хөвес билен бакса, өз йүрегинде эййәм онуң билен зына эдендир диййәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:28
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi.


Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.


«Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.


Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.


Oholyba olary gören badyna göwün berip, babyllylaryň ýurduna çaparlar ýollady.


Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme.


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut.


Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn.


Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ