26 Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.
26 Саңа догрусыны айдярын, җеримәңи долы төлейәнчәң, ол ерден чыкмарсың.
Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir.
Hojaýyny gazaba münüp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline tabşyrýar.
Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!
Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».
Bir garyp dul aýal gelip, guta iki şaý atdy.
Biri seni aýyplap, kazyýete alyp gitse, onuň bilen ýoldakaň barlyş. Ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal.
Saňa şuny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».
Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär.
Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.
Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.