Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:19 - Mukaddes Kitap

19 Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шонуң үчин хем ким бу буйрукларың иң кичисинден бирини бозса ве шейле этмеги башгалара өвретсе, ол Гөгүң Шалыгында иң кичи сайылар. Эмма ким булары берҗай эдип, башгалара-да өвретсе, ол Гөгүң Шалыгында улы сайылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:19
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.


Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.


Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.


Eý, Teofil! Men birinji kitabymda Isanyň tä göge göterilen gününe çenli başdan-aýak bitiren we öwreden ähli işleri barada ýazdym.


Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.


Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi?


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.


Günä edýän adam Hudaýyň kanunyny bozýandyr. Sebäbi günä etmek Hudaýa baş galdyrmak ahyry.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ