Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 5:18 - Mukaddes Kitap

18 Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Сизе догрусыны айдярын, асман билен ер өтйәнчә, әхли зат амала ашянча, Төвратдан екеҗе харп-да, бир нокат-да өчмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 5:18
82 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň ýüregi mäkäm, ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.


Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.


Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».


Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir.


Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňyza gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyňyz gökde-de gadagan ediler.


«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz.


Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar.


Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir.


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar.


Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.


Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam,


Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar.


Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal guta hemmelerden kän pul atdy.


Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.


Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».


Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.


Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.


Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.


Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».


Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.


Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.


Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.


Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär.


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr.


Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.


Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer.


Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir.


Isa oňa: «Sen Meniň üçin janyňy bermäge taýýarmyň?! Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýip jogap berdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.


Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi.


Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, size gökden çörek beren Musa däl. Gökden size hakyky çöregi Meniň Atam berýär.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň bedenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Meniň sözüme uýýan adam asla ölüm garasyny görmez» diýdi.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi.


emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen habar, ine, şudur.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ