Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».
Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.
bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar.
Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.
Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.
Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.
Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.
Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr.
Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.
Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.
Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.