Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Эмма Иса оңа: «„Ынсан диңе чөрек билен яшаман, эйсем Реббиң агзындан чыкян хер бир сөз билен хем яшаяр“ дийип язылгыдыр» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 4:4
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi.


Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler.


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.


Ol ýene: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatlardyr.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Isa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşamaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.


Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.


Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň.


Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ