Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шол вагт Онуң янына аздырыҗы шейтан гелип: «Эгер Сен Худайың Оглы болсаң, онда шу дашларың чөреге өврүлмегини буюр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 4:3
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.


Arwah-jyn eýelänler Isany görenlerinde, Onuň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.


Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi.


Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.


Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna iman edýärmiň?» diýdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Onuň ene-atasynyň kimdigi belli däl, nesil daragty-da ýok. Ömrüniň ne başy, ne-de ahyry bar. Ol Hudaýyň Ogly ýaly hemişelik ruhany bolup galar.


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ