Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 4:24 - Mukaddes Kitap

24 Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Онуң ат-овазасы бүтин Сирия яйрады, дүрли кеселлере дучар болан әхли хассалары, арвах-җын эеләнлери, тутгайлылары ве отуралары Исаның янына гетирдилер, Ол хем олары сагалтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 4:24
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi.


Çünki onuň pähim-paýhasy, islendik adamyňkydan, ezraly Eýtanyňkydan, Maholyň ogullary Heýmandyr Kalkolyňkydan we Dardanyňkydan-da ýitidi. Töweregindäki ähli milletleriň arasynda onuň ady meşhurdy.


Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.


Men güýjümiň ýetdiginden Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasalmaly zatlar üçin – altyn, kümüşden ýasalmaly zatlar üçin – kümüş, bürünçden ýasalmaly zatlar üçin – bürünç, demirden ýasalmaly zatlar üçin – demir, agaçdan ýasalmaly zatlar üçin – agaç, köp möçberde hakyk hem-de oturtma daşlar, bezeg daşlary, dürli reňkli daşlar, gymmatbaha daşlaryň ähli görnüşini we köp möçberde mermer taýýarladym.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady.


Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi.


Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi.


Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.


Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi.


Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler.


«Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy.


Bu habar ol etrabyň ähli ýerine ýaýrady.


Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi.


Şeýlelikde, Isa hakyndaky habar şobada Jeliläniň ähli etrabyna ýaýrady.


Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler.


Şol wagt dört adam bolup Onuň ýanyna bir ysmazy göterip getirdiler.


Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar.


Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek?


Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi.


Isa Mukaddes Ruhuň güýji bilen Jelilä dolanyp geldi. Ol hakdaky gürrüňler etrabyň çar tarapyna ýaýrady.


Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar.


Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy.


Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.


Isa baradaky bu habar tutuş Ýahudyýa we daş-töwerekdäki etraplara ýaýrady.


Başgalar bolsa: «Bular jyn uran adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar.


Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ