Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.
Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.
Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.