19 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
19 Иса олара: «Мениң ызыма дүшүң, Мен сизи ынсан тутян балыкчылар эдейин» дийди.
Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.
Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar.
Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.
Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.
Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.
Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi.
Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.
Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.
Meniň size agram salmandygym bilen ylalaşýarsyňyz. Emma şonda-da mekirlik edip, sizi hile bilen tutupdyryn diýip, meni aýyplaýarsyňyz.