Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Şunlukda, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шунлукда, Ишая пыгамбер аркалы айдылан шу сөз берҗай болды:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 4:14
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.


Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.


Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.


«Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy! Deňiz ýakasyndaky ýol, Iordanyň aňyrsy! Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!


Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».


„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.


Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ