Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Иса оңа: «Ёк бол, шейтан! „Худайыңыз Реббе сежде эдиң, диңе Оңа гуллук эдиң“ дийип языландыр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 4:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýtan Ysraýyla garşy çykyp, Dawudy ysraýyl halkynyň adam sanyny bilmek küýüne düşürdi.


Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.


Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.


Başga bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzuryna gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen Rebbiň huzurynda häzir bolmaga geldi.


Reb milletlere höküm çykarar, olaryň ýurduny läşlerinden doldurar. Ol tutuş ýeriň ýüzünde baştutanlary kül-peýekun eder.


Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Isa çölde kyrk gün bolup, şeýtan tarapyndan synaga salyndy. Ol ýabany haýwanlaryň arasynda ýaşady, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.


Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.


Şeýtan öz içinden bölünse, heý-de, patyşalygy durarmy? Muny siziň Maňa arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýar diýýäniňiz üçin aýdýaryn.


Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi.


Şeýtan Onkileriň biri bolan Ýudas Iskariýodyň kalbyna girdi.


Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.


Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.


Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir!


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.


Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ