Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Соңра иблисиң сынамагы үчин, Мукаддес Рух Исаны чөле әкитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 4:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň Ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.


Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm.


Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.


Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen uly gopgunly sesi eşitdim.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy.


Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.


Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.


Sebäbi Mukaddes Ruha eýerýänler Hudaýyň perzentleridir.


Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.


Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ