Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.
Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?
Şol wagt Salimiň golaýyndaky Enonda bolsa halk Ýahýa tarapyndan çümdürilýärdi. Ol ýerde suw köpdi we çümdürilmek üçin ol ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy.