Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.
Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.
Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär».
Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.
Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.
Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.
Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.
Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».
Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.
Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.
Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.
Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.
Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,
Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek,
Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.
Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.