Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Тоба эдендигиңизиң нышаны хөкмүнде мен сизи сува чүмдүрйәрин, эмма менден соңра Гелҗек менден хас гүйчлүдир. Мен Онуң чарыкларыны гөтермәге-де мынасып дәлдирин. Ол сизи Мукаддес Руха хем-де ода чүмдүрер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 3:11
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.


Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.


Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».


Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.


Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy.


Size: „Menden soňra Biri geler, Ol menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy“ diýip aýdan Kişim Şudur.


Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».


Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi.


Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi.


Onsoň arabany saklatdy. Filip bilen agta bilelikde suwa girdiler. Filip ony suwa çümdürdi.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ