Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ине, палта эййәм агачларың дүйбүнде ятыр: оңат миве бермейән хер бир агач чапылып, ода ташланар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 3:10
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Demir ýa-da naýza sapy ulanylýandyr olara, hem duran ýerinde oda ýakylýandyr olar».


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Goý, erbetler öz torlaryna düşsün, men bolsa sag-aman geçip gideýin.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz».


Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt perişdeleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.


Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?»


Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ