Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 28:7 - Mukaddes Kitap

7 Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Инди чалт гидип, Онуң шәгиртлерине: „Иса дирелипдир, Ол сизден өң Җелилә баряр. Сиз Оны шол ерде гөрерсиңиз“ дийиң. Гулак асың, мен сизе муны айдандырын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 28:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi.


Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.


Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.


Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi.


Merýem gidip, muny Isa bilen bolan, indi bolsa Oňa ýas tutup, aglaşyp oturan şägirtlerine habar berdi.


Ol ikisi hem yzlaryna öwrülip, muny beýlekilere habar berdiler, emma olar bulara-da ynanmadylar.


Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler.


Men size bu zatlar amala aşmazdan öň aýtdym, amala aşan wagty ynanarsyňyz.


Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim.


Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.


Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ