Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 28:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ол бу ерде ёк. Ол Өз айдышы ялы дирелди. Бәри гелиң-де, Онуң ятан ерини гөрүң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 28:6
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.


Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri.


Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.


Petrus bolsa ýerinden turup, mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi. Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.


Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip, özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmişler.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär.


Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ