Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 28:18 - Mukaddes Kitap

18 Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Иса хем оларың янына гелип: «Гөкде ве ерде әхли ыгтыярлык Маңа берилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 28:18
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men arkaly patyşalar şalyk edýärler, hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi.


Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi.


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäki zatlar barada gepleýändir. Gökden gelen hemmeden üstündir.


Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Sebäbi Isa Mesih ölüleriň-de, dirileriň-de Rebbi bolmak üçin ölüp, direldi.


Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir.


Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


ähli zady aýagynyň astynda goýduň». Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astynda goýdy, oňa tabyn däl zat goýmady. Ýöne ähli zadyň oňa tabyndygy häzirki wagtda bize aýdyň görünmeýär.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ