Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.
Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.
Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir.