Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur.)
Ol adam hetleriň ýurduna baryp, ol ýerde gala gurdy we öň ýaşan galasynyň hatyrasyna onuň adyna Luz dakdy. Ol gala häzire çenli şol at bilen atlandyrylýar.