Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:54 - Mukaddes Kitap

54 Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

54 Иса гаравуллык эдип дуран йүзбашы билен янындакы эсгерлер ер титремәни, болан бейлеки затлары гөренлеринде, горка дүшүп: «Хакыкатдан-да, бу Худайың Оглы экен!» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:54
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Soňra ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler.


Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.


Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip:


Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi.


Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi.


Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler.


Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Müňbaşy dessine ýüzbaşylaryny we esgerlerini alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler.


Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi.


Onsoň müňbaşy ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp: «Agşam sagat dokuzda Kaýsariýa gitmek üçin, iki ýüz sany pyýada, ýetmiş sany atly esgeri we iki ýüz naýzaçy taýynlaň.


Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ