Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:51 - Mukaddes Kitap

51 Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

51 Шол вагт ыбадатхананың тутусы ёкардан ашаклыгына йыртылып, икә бөлүнди, ер титрәп, дашлар ярылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:51
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy, al ýüpeklerden we nepis zygyr matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.


Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.


Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.


Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy.


Bütin halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder.


Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.


Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.


Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir.


Çadyryň içki tutusynyň aňyrsynda Iň mukaddes otag diýlip atlandyrylýan ýene bir otag bardy.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ