47 Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
47 Ол ерде дуранларың кәбирлери муны эшиденлеринде: «Ол Ылясы чагыряр» дийишдилер.
Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.
Eger Ýahýany kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur.
Öýlän sagat üç töweregi Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzatdy.