45 Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.
45 Гүнортан он икиден өйлән сагат үче ченли тутуш юрды гараңкылык гаплап алды.
Göklere gara geýdirýärin, july olaryň örtgüsi edýärin».
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.
Ony haça çüýlänlerinde, ir sagat dokuzdy.
Pesah baýramyna taýýarlyk günüdi. Günortana golaý Pilat ýahudylara ýüzlenip: «Ine, siziň Patyşaňyz!» diýdi.
Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler.
Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.
Ol dowzah guýusyny açanda, ondan äpet ojagyň tüssesi ýaly tüsse burugsalap çykdy. Bu tüsseden ýaňa Gün we Aý garaldy.