Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:4 - Mukaddes Kitap

4 «Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 «Мен бигүнә кишә хайынлык эдип, гүнә газандым» дийди. Олар-да: «Бизе нәме, муңа өзүң җогап берйәң» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:4
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, baryňyz dereksiz lukmandyrsyňyz.


«Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!


Faraon şol gijäniň özünde Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».


Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.


Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler.


Ölüm jezasyna laýyk hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatdan Onuň öldürilmegini talap etdiler.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi».


Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ