36 Soňra ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler.
36 Соңра ол ерде отурып, Оңа гаравуллык этдилер.
Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar.
Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.
Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi.
Pilat Isanyň eýýäm ölendigine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady.