Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:32 - Mukaddes Kitap

32 Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Ёлда баряркалар, киринейли Симун атлы бир адама саташдылар. Олар бу адама Исаның хачыны гөтермәге меҗбур этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:32
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä gurbanlygydyr.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre.


Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.


Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler.


Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ