Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:2 - Mukaddes Kitap

2 Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Оны даңып, хәким Пилата элтип табшырдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.


Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.


Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler.


Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatyň jelilelilere edenleri barada Isa habar berdiler. Pilat olaryň käbirini öldürip, olaryň ganlaryny kesip duran gurbanlyklaryna goşupdy.


Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy.


Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler.


Şol gün Pilat bilen Hirod dost boldy; mundan öň olaryň arasynda duşmançylyk bardy.


Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.


Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar.


Onsoň Hanan Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.


Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.


Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady.


Ony soraga çekjek bolup duranlar şobada onuň ýanyndan çekildiler. Müňbaşy hem Pawlusyň Rim raýatydygyny bilende, onuň elini-aýagyny bagladany üçin gorkdy.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


Olar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon olara: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ