Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:19 - Mukaddes Kitap

19 Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Пилат хөкүм күрсүсинде отырка, аялы оңа: «Ол догры адам билен ишиң болмасын, себәби мен гечен гиҗе дүйшүмде Ол зерарлы көп азаплар чекдим» дийип, хабар ёллапды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:19
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim.


Şol gije Hudaý Laban mesopotamiýalynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi.


Saňa ýamanlyk etmäge meniň güýjüm ýetýär. Emma seniň ataňyň Hudaýy öten agşam maňa: „Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme“ diýip tabşyrdy.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:


Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi.


Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.


Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Pilat bu sözleri eşidip, Isany daşary alyp çykdy we Daş seki diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. Bu ýeriň arameýçe ady Gabbatady.


Ine, bellenen gün Hirod patyşalyk lybasyny geýip, tagtynda oturdy we halka ýüzlenip, söz sözledi.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Şeýlelikde, olary kazyýetden kowup goýberdi.


Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.


Emma Pawlus: «Men imperatoryň kazylyk kürsüsiniň öňünde durun, maňa şu ýerde kazylyk edilmelidir. Men ýahudylara garşy hiç bir ýamanlyk eden däldirin, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.


Aýyplaýjylar bu ýere üýşenlerinde bolsa, men wagty elden bermän, ertesi gün kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdym.


Festus olaryň ýanynda sekiz-on gün bolup, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün ol kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.


«Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».


Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ