Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 27:17 - Mukaddes Kitap

17 Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilat olardan: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Ýeşuwa Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шейлеликде, халк йыгнанышанда Пилат олардан: «Сизиң үчин кими бошатмагымы ислейәрсиңиз? Ешува Бараббасымы я-да Месих дийилйән Исаны?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 27:17
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih diýip atlandyrylan Isa doguldy.


Şol wagtlar Ýeşuwa Barabbas diýen ady belli biri tussaglykda ýatyrdy.


Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.


Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.


Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.)


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ