Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.
„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.