Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:61 - Mukaddes Kitap

61 «Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

61 «Бу адам: „Мен Худайың ыбадатханасыны йыкып, оны үч гүнде тәзеден салып билерин“ дийди» дийип хабар берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:61
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar.


Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».


Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Muny eşiden fariseýler: «Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler.


Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi.


Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.


Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.


Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy.


«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler.


Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Olar: «Bu adam kanuna garşy ýollar bilen halky Hudaýa sežde etmäge yrýar» diýdiler.


Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ