Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:55 - Mukaddes Kitap

55 Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

55 Шол вагт Иса мәхеллә йүзленип: «Нәме үчин бир гозгалаңчының гаршысына чыкан ялы, Мени тутмак үчин гылычлы хем таяклы гелипсиңиз? Хер гүн ыбадатханада отурып, адамлара өвредйәрдим, шонда Мени тутмандыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:55
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.


Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler?


Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.


Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.


Onsoň kitaby ýapyp, ony yzyna – hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň barynyň gözi Oňa dikildi.


Baýramçylygyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, öwretmäge başlady.


Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.


Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady.


Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ