Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.
Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.
Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.
Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.