49 Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.
49 Ол геле-гелмәне Исаның янына барды-да: «Салам, Мугаллым!» дийип, Оны өпди.
Yshak Ýakuba: «Gel, oglum, meni ogşa» diýdi.
Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy.
Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr, ýöne duşmanyň posalary köpdür.
bazarlarda salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmeklerini halaýandyrlar.
Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.
Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi.
Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi.
«Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular.
Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimden bäri aýaklarymy öpüp otyr.
Ýanyna baryp: «Ýaşasyn ýahudylaryň Patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar.
Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler.
Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň.
Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.