Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.
Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi.
Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.