Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:45 - Mukaddes Kitap

45 Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Онсоң шәгиртлериң янына гайдып гелип: «Сиз хенизем уклап ятырсыңызмы? Дынҗыңызы алярсыңызмы? Ине, пурсат голайлады, Ынсан Оглы гүнәкәрлериң элине берилйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:45
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýdi: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukudadyr, ony oýarmak gerekdir».


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi.


«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi.


Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi.


Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.


Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi.


Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.


Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ