Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:29 - Mukaddes Kitap

29 Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Сизе шуны айдайын: Атамың Шалыгында сизиң билен биле тәзесини ичҗек гүнүме ченли шерабы гайтадан ичмерин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:29
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».


«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!


Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Men bu zatlary size şatlygyma şärik bolup, şatlygyňyzyň dolup-daşmagy üçin aýtdym.


Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.


Indi Men Seniň ýanyňa barýaryn. Olar Meniň şatlygymdan dolsun diýip, bulary olara heniz bu dünýädekäm aýdýaryn.


Ol Isany hemmelere däl-de, diňe bize görner ýaly etdi. Sebäbi Hudaý bizi Isa hakda şaýatlyk etmegimiz üçin saýlady. Ol direlenden soň, biz Onuň bilen bile naharlandyk.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ