20 Agşam Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başyna geçdi.
20 Агшам Иса он ики шәгирди билен билеликде сачак башына гечди.
Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.
Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.
Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesah naharyny taýýarladylar.
Bu zatlary aýdandan soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy.