Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:18 - Mukaddes Kitap

18 Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Иса олара: «Шәхере гидиң-де, шу айдан кишимиң өйүне барың. Оңа: „Мугаллымымыз саңа: ‘Вагтым голайлады, Песах байрамыны шәгиртлерим билен билеликде сениң өйүңде беллеҗек диййәр’“ дийиң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger biri size bir zat diýse: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony dessine yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi.


Özüňize „baştutan“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Baştutanyňyz bardyr, Ol hem Mesihdir.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesah naharyny taýýarladylar.


«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi.


Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.


Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi.


Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.


Marta şeýle diýensoň, uýasy Merýemi çagyrmaga gitdi. Ony bir çete çekip: «Mugallym şu ýerde. Ol seni çagyrýar» diýdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.


Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.)


Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.


Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr.


Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ