Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:11 - Mukaddes Kitap

11 Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гарыплар хемише сизиң яныңыздадыр, эмма Мен хемише яныңызда болмарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:11
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».


Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi.


Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“.


Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.


Men Atamyň ýanyndan gaýdyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni taşlap, Atamyň ýanyna barýaryn».


Indi bolsa Men Özümi Ibereniň ýanyna gidýärin. Siziň hiç biriňiz Menden: «Nirä gidýärsiň?» diýip soramaýarsyňyz.


Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar.


Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek.


Ýöne olar mätäçlik çekýän doganlary ýatdan çykarman, olara kömek etmegimizi haýyş etdiler. Men hem muny berjaý etmek üçin elimde baryny gaýgyrmadym.


Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin.


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ